Bilesigeliji çagalar üçin

Programmirlemegi
ene diliňde öwren!

Zehin — çagalar üçin türkmen dilinde döredilýän programmirleme dili. Kod ýaz, öwren we öz taslamalaryňy döret!

Mugt we açyk kodly · Windows x64 · Internetsiz
Zehin IDEv0.1.0
ilkinji.zh
# Ilkinji programmagoý ýaş = 9 eger ýaş >= 7    ýaz "Salam, okuwçy!"bolmasa    ýaz "Salam, dost!"gutardy
NETIJEGörkezme mysaly · garaşylýan netije
›Salam, okuwçy!
Programma tamamlandyUTF-8 · Zehin
ýaz. öwren. döret.Täze açyşlar ilkinji setirden başlanýar.
Tanyş dil. Täze mümkinçilikler.RUST TAURI 2 .ZH
01 / TANYŞ SÖZLERDEN BAŞLA

Näme üçin Zehin?

Programmirlemäge ilkinji ädim düşünmekden başlanýar.

01

Ene diliňde kod ýaz

Tanyş türkmen sözleri bilen her buýrugyň näme edýändigine düşünmek has aňsat.

02

Ýönekeý we düşnükli

Az sanly buýruklar, okamak üçin amatly sintaksis we düşnükli ýalňyşlyk habarlary.

03

Döredijiligiňi ösdür

Algoritmleri öwren. Hereket, öwrüm we reňkler bilen geometrik şekilleri döret.

04

Geljege ilkinji ädim

Üýtgeýän ululyklar, şertler we gaýtalamalar — beýleki programmirleme dillerine hem esas bolýan düşünjeler.

02 / SÖZLER KODA ÖWRÜLÝÄR

Kod ýazmak indi has aňsat!

Salamlaşmakdan başla. Bir bahany üýtget. Gaýtalamanyň näme edýändigini gör.

salam.zh
ýaz "Salam, dünýä!"
Taýýar mysal · bu ýerde kod işledilmeýär
Garaşylýan netije
Salam, dünýä!
ýaz teksti çykarýar. Bir setir bilen ilkinji programmaňy ýaz.
.zh / UTF-8 / Zehin 0.1Mysallar
03 / DÖRETMEK ÜÇIN ÖZ ÝERIŇ

Zehin IDE bilen tanyş bol!

Ilkinji programmaň üçin zerur gurallar bir ýerde. Tauri 2 bilen döredilen kompýuter programmasy we Rust kompilýatory.

ZEHIN IDE / 0.1.0
Windows programmasynyň hakyky interfeýsi
Windows programmasynyň hakyky interfeýsiKoduň, netijäň we çyzgylaryň. Ählisi bir ýerde.

Kod redaktory

Sintaksisiň reňklenişi, maslahatlar, goýmalarda işlemek we .zh faýllary.

Kody işletmek

F5 basyp koduňy işlet. Gerek wagty işleýän programmaňy duruz.

Ýalňyşlyklary görmek

Türkmençe düşündirişler, maslahatlar we degişli setire geçmek.

Surat çekmek

Pyşdyl grafikasy, ulaltmak, tor we SVG görnüşinde saklamak.

Taslamalary saklamak

Bukja aç. Programmalaryňy döret, aç we ýatda sakla.

Internetsiz işlemek

Redaktor, mysallar we kompilýator kompýuteriňde işleýär.

04 / BILESIGELIJILIK ÝETERLIK

3 ädimde programmirläp başla!

01

Zehin IDE-ni ýükle

Windows programmasyny gurna. Rust, Node.js ýa-da hasap gerek däl.

02

Ilkinji koduňy ýaz

«Salam, dünýä!» mysalyny aç we öz islegiňe görä üýtget.

03

Işlet we netijäni gör

F5 bas, netijäni oka we täze bir zady synap gör.

06 / MUGALLYMLAR WE ENE-ATALAR ÜÇIN

Çagalaryň geljegine maýa goýuň!

Bilelikde kiçi bir ýumuş saýlaň. Çaga koduň näme etjekdigini öz sözleri bilen düşündirsin. Zehin logikany, mesele çözmegi we döredijiligi öwrenmek üçin başlangyç nokadyny berýär.

  • Tanyş dilden başlaň
  • Her gezek bir düşünjäni öwreniň
  • Hakyky mysallary üýtgedip synap görüň
Okuw ýoluny gör
07 / ILKINJI SETIRE TAÝÝARMY?

Zehin bilen başla!

Windows üçin irki wersiýany ýükle. Redaktor, kompilýator, mysallar we WebView2 gurnaýjysy içinde.

Windows

Windows 10 / 11 · x64
Elýeterli
Wersiýa0.1.0
Faýlyň ölçegi209.70 MiB
Çap edilen senesi18 oktýabr 2026
Windows üçin ýükle

Irki wersiýa · sanly gol entek ýok

Gurnaýjyda neşirçiniň sanly goly ýoklugy sebäpli Windows duýduryş görkezip biler. Gurnamazdan öň SHA-256 barlag jemini deňeşdir.

SHA-256 barlag jemleri
macOSEntek çap edilmedi
LinuxEntek çap edilmedi

Linux we macOS üçin taýýar programmalar entek çap edilmedi. Çeşme kodundan ýygnamak barada README-de maglumat bar; bu ulgamlar entek barlanmady.

Çeşme koduny öwren

IDE, kompilýator, wirtual maşyn, CLI we mysallar. MIT ygtyýarnamasy bilen paýlanýar.

Çeşme kody
Gurna we başla

MIT · Işjeň işlenilýär

FAQ

Köp soralýan soraglar

Zehin näme?

Zehin — türkmençe buýruklary bolan okuw programmirleme dili. Zehin IDE onuň kompýuter redaktorydyr; programmalary umumy Rust kompilýatory we wirtual maşyn ýerine ýetirýär.

Zehin kimler üçin döredilýär?

Çagalar, başlangyç programmistler, ene-atalar, mugallymlar we türkmen dilinde programmirlemäge girişmek isleýän mekdepler üçin.

Zehin mugtmy?

Häzirki taslama MIT ygtyýarnamasy bilen paýlanýar. Programmany we çeşme koduny mugt ýükläp bilersiň.

Zehin internetsiz işleýärmi?

Hawa. Ýüklenenden soň programma kompýuteriňde işleýär. Internet, hasap ýa-da uzakdaky kompilýator gerek däl.

Zehin Windows-da işleýärmi?

Windows x64 üçin WebView2-ni hem öz içine alýan gurnaýjy bar. Linux we macOS üçin taýýar programmalar entek çap edilmedi.

Zehin-de nähili programmalar ýazyp bolýar?

Tekstli programmalar, hasaplamalar, üýtgeýänler, şertler, sanly gaýtalamalar we pyşdyl çyzgylary. 0.1 wersiýada funksiýalar, massiwler, maglumat soramak we while gaýtalamalary ýok.